Turkmenistan: Haramdag Berdimuhamedowyň Aýal Dogany Gulnabat Kwartira Satýar, Garyp Adamlaryň Ýaşamaga Ýeri Ýok

Turkmenistan: Haramdag Berdimuhamedowyň Aýal Dogany Gulnabat Kwartira Satýar, Garyp Adamlaryň Ýaşamaga Ýeri Ýok

Turkmen Yurt TV

Çeşmelere görä, Haramdag-Berdymuhamedowyň aýal dogany Gülnabat,Türkmenistanda jaý üçin ýer böleklerini we kwartira paýlamak meselesini öz ygtyýarynda saklaýar. Ol meseleler onuň ynamdar kömekçisi Aýna Karataýewa arkaly çözülýär. Gulnabat, Niýazow etrabynyň, soňra Bahtiýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden bäri ýaşaýyş jaý meselesi bilen meşgullanýar. Gulnabat indi Gyzyl Haç we ýarymaý gumanitar jemgiýet edarasynyň başlygy. Prezidentiň aýal doganynyň elinden geçýän ummasyz serişdelere garamazdan, pes girdejili maşgalalar ol edaraden  hakykatdanam kömek tapmaýarlar. Lebap welaýätyndaky tebigy betbagtçylykdan soň, öýleri hakykatdanam weýran bolan maşgalalar ýaşaýyş jaý meselelerini çözüp bilmeýärler we külbelerde ýaşamaga mejbur bolýarlar. Adamlara adaty durmuşda ýaşamaga kömek edilmeýär. Hakimlikleriň işgärleri, kömek etmegiň deregine, aýal-gyzlary öz problemalary barada köpçüligiň öňünde çykyş etýändikleri sebäpli gorkuzjak bolýarlar.

Lebap welaýätinden Rozygul Boltaýewa, şeýle hem Rozykhal Döwletowa ýaly raýatlaryň jaýlary 1961-nji ýylda guruldy, öňden ulanylmaga berildi we döwlet ol adamlaryň adatdan daşary ýagdaýdaky öýlerde ýaşaýandyklary sebäpli, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmäge borçly.

Bizde şonyň ýaly gorkynç ýagdaýda derdini çekmäge mejbur bolan aýallaryň tutuş sanawy bar.

Bу adamlaryň başynа duşen  gorgi dertler bilen,siz  haçan meşhurlonmakçi ?

Resmi borçlaryňyzy ýerine ýetirmek islemeýän bolsaňyz, näme üçin bu ynsanperwer guramasyna, Gyzyl Haç we ýarymaý toparyna ýolbaşçylyk edýärsiňiz?

Betbagtçylyk wagtynda, siz ilkinji bolup Lebap welaýatyna baryp, adamlar bilen şol ýerde bolmolyduňyz.

Garyplara kömek etmek islemeýärsiňizmi?

Özüňiziň kaşaň jaýlaryňyz bilen öwünýärsiňiz, ýöne ol zatlary gabra alyp gitmersiňiz.

Tohum tijiňiz bilen, garyndaşlaryňyz bilen bilelikde ýürt içinde  eden etdilik işiňiz,  eklenip bilmeýänleri göz görtele   mertebesini depelemekdir.

Galyberse-de, olara ideg, kömek etmeli.

Halk, esasanam adatdan daşary ýagdaýlar barada aýdylanda, döwletden goragy we kömegi talap etmäge haklydyr. Gyzyl haç we ýarym aý ynsanperwer guramasynyň başlygy bolýan bolsoňyz  gönüden-göni resmi wezipe borgyňyzy  ýerine ýetiriň. Siz prezidentiň aýal dogany bolonyňyz bilen ynsanperwer garaşsyz jemgyýetçilik guramasynyň serişdelerini islän ýeriňize ulonyp, adamlary talamak hukugy berilenak.

Tohumyňyz şu wagta çenli , diňe şahsy gazanç bilen meşgul boldyňyz, emma iň bolmanda, bir gezek göni iş jogapkärçiligiňiz bilen tanyşdyňyzmy? Haçan adamlaryň aladasy bilen  boljok ?

Halkyň ýaşamaga hukugy bar. Bu adamlara iň bolmanda bir damja rehimdarlyk ediň!

Halkyň  haky  bar!




Report Page