Kim Meniň Syrymy Ogurlady?

Kim Meniň Syrymy Ogurlady?

Spencer Johnson

Bir döwürler, uzak illerde dört sany jandar ýaşapdyr. Olar labirintiň içinde garnyny doýurmak we özüni bagtly duýmaga kömek edip biljek tagamly syryň gözleginde ylgapdyrlar.

Iki syçanjyga Ysyrgan we Çalasyn diýipdirler. Iki sany kiçijik – edil syçanjyklaryň boýy bilen deň, ýöne galan zatlary adaty adamlar hem bar eken. Olaryň atlary Lellijek we Gowşajyk ekeni.

Bu jandarlar şeýle bir kiçijek bolansoň, birbada olaryň näme bilen meşgullanýandygyna hem düşüner ýaly bolmandyr. Ýöne syn etseň welin – siziň öňüňizde şeýle bir geň dünýä açylýar.

Syçanjyklar we adamjyklar her günini labirintde özüniň aýratyn syr bölejiginiň gözleginde geçiripdirler.

Syçanjyklar – Ysyrgan we Çalasynyň – aýratyn bir intellekti bilen öwünerligi ýok, ýönekeý bir gemriji. Emma syçanjyklaryň iň halaýan gaty syr bölejiklerini tapmak üçin şeýle bir ösen ys alyş we çalasynlyk instinkti bolupdyr.

Adamjyklar – Lellijek we Gowşajygyň – sagdyn beýnisi, onda bolsa birnäçe ideýalar bolupdyr. Ol ideýalaryň esasysy bolsa – (baş «S» harpdan başlanýan) Syr tapmak. Syr bolsa olary bagtly we şowly edýär.

Syçanjyklar we adamjyklar şeýle dürli bolsalarda, her gün irden şol bir zady edipdirler. Olar sport eşigini, ylganda geýilýän köwşüni geýip (syçanjyklar hem şeýdipdir – şeýle bir geň jandarlar), öz öýjagazlaryndan çykyp, gowy görýän syrynyň gözleginde labirinte ýola düşüpdirler.

Labirint koridorlardan we otaglardan ybarat bolupdyr. Olaryň käbirinde bolsa öran tagamly syr bar ekeni. Ýöne hiç bir ýere eltmeýän böwede direýän dar geçelgeler, garaňky ýerler hem bar ekeni. Ýöne batyrgaýlyk bilen, bu tükeniksiz uzaýan koridorlara çümüp gidýäne welin hakyky sylag garaşyp biljekdi.

Syçanjyklaryň intellekti diýseň ýönekeý. Şonuň üçin olar hemişelik synanşygyň we ýalňyşyň ýüzleý usulyny ulanypdyr. Ysyrgan özüniň ysa duýgur burnundan peýdalanyp, takmynan ýoly gözlän bolsa, Çalasyn onuň öňünden ylgapdyr. Olar böwede has ýygy duşup, nädogry ýollara ylgapdyrlar, käte göni diwara özüni urupdurypdyrlar.

Adamjyklar Lellijek we Gowşajyk syr gözlemekde tutuş intellektini we geçen tejribesini ulanýan öz çylşyrymly usullaryndan peýdalanypdyrlar. Ýöne olaryň duýgylary we hyýallary ähli zady kynlaşdyrýan ekeni.

Bir gezek olaryň ählisi şeýle dürli usullar bilen hemişelik gözlän zadyny tapypdyr. Aýratyn syr – A Syr Menzilinde gizlenen bolsa nätjek.

Indi syçanjyklar we adamjyklar her gün irden A Syr Menziline tarap okdurylypdyrlar. Biraz wagt geçipdir, bu ýeri olaryň esasy ugruna öwrülipdir.

Ysyrgan we Çalasyn ir ertirden turup, labirinti hemişe şol bir ugur boýunça ylgap geçipdirler.

Gelmeli ýerine gelenden soňra, olar ylgaw köwüşlerini çykaryp, bagjyklaryny biri-birine daňyp, birden gerek bolmagy ahmal diýip boýnundan asypdyrlar. Soňra bolsa, jana şypaly syrdan lezzet alypdyrlar.

Lellijek we Gowşajyk hem her gün irden A Syr Menziline tarap, ol ýerdäki tagamlardan lezzet almak üçin ylgapdyrlar.

Emma, wagt geçdigiçe, ähli zat üýtgemäge başlapdyr.

Kem-kemden Lellijek we Gowşajyk giç turup, has haýal geýnip, alňasaman, öz ugruna görä A Syr Menziline tarap ýöräp gaýdyp ugrapdyrlar. Barybir syr şol ýerde, nirä howlugjak?

Olar bu syryň nireden gelendigi, nireden alnandygy ýa-da ony kimiň goýandygy barada sorag bermändirler. Esasy zat şol ýerde syryň bardygyndan hoşal bolupdyrlar.

A Syr Menziline gelip, Lellijek we Gowşajyk şol ýerde edil öz öýündäki ýaly ornaşypdyrlar. Köwşüni diwardan asyp, şypbygyny geýipdirler. Syr artygy bilen ýeterlik bolansoň, olar şeýle bir doýup, ynjalypdyrlar we jaýlaşypdyrlar.

«Gowudygyny. Bu syr biziň tutuş ömrümize ýeter» - diýip Lellijek aýdypdyr.

Kiçijik adamjyklar özlerini şowly we bagtly saýypdyr. Olar üçin ähli kynçylyklar yzda galan ýaly görnüpdir.

Biraz wagt geçensoň, Lellijek we Gowşajyk A Syr Menzilindäki syry özleriniňki hasaplamaga başlapdyrlar. Syr köp bolansoň olar şoňa golaý ýere göçüpdirler, olaryň tutuş adaty durmuşy indi Menziliň göni özünde geçipdir.

Lellijek we Gowşajyk jaýlaryny syr çekilen suratlar bilen bezäp, lezzet alypdyr. Olaryň birinde şeýle ýazgylar bolupdyr:

Lellijek we Gowşajyk käte dostlaryny çagyryp, syrlary bilen öwnüpdirler. Olar syry görkezip: «Gör ajaýyp syr, şeýle dälmi?». Käte dostlary bilen paýlaşypdyrlar, käte-de paýlaşmandyrlar.

«Biz bu syry mynasyp gazandyk» – diýip Lellijek sözüni dowam etdiripdir. - «Biz ony tapmak üçin arman-ýadaman işledik». Soňra ol ter bölejikleri agzyna salyp, iki çekgesini dolduryp, lezzet bilen çeýnäpdir. Şeýdip Lellijek hoşal ýylgyryşy bilen käte şol ýerde uklap galýan eken.

Her gün agşam, adamjyklar howlukman ýöräp, öz öýlerine giden syr bilen dolanyp gelipdirler we täzeden getirmek üçin her gün irden ýene-de şol ýere tarap ýola düşüpdirler.

Wagt geýçär.

Lellijek we Gowşajygyň ynamy gedemlige ýazypdyr. Olar şeýle bir gowy ornaşypdyrlar welin, hiç bir zada üns hem bermändirler.

Ysyrgan we Çalasyn welin, öz endik eden ugruny dowam etdiripdirler. Olar ir ertirden gelip, A Syr Menzilini ýüwrüp, ähli gizlin ýerlerini synlap, haýsydyr bir zatlaryň üýtgändigini ýa-da şol durşuna durandygyny anyklap durupdyrlar. Diňe şondan soňra-da iýmäge-de başlapdyrlar.

Syçanjyklar bir gün irden Menzile ylgap gelende syryň ýokdugyny görüpdirler.

Olar geň galjak bolmandyrlar. Ysyrgan we Çalasyn, syryň gün-günden azalýanyny bireýýäm göz ýetiripdiler. Şonuň üçin olaryň instinkti olara gutulgysyzlyga taýýarlanmagy salgy beripdi.

Syçanjyklar biri-birine seredip, ylgaw köwşüni boýnundan aýryp, olary geýip bagjygyny daňypdyrlar. Syçanlar çylşyrymlaşdyryp duranoklar. Olarda adamjyklardaky ýaly känbir çylşyrymly pikirler hem ýok.

Syçanlar üçin mesele hem, onuň üçin berjek jogaby hem diýseň ýönekeý: A Syr Menzilinde ýagdaý üýtgedi. Diýmek, Ysyrgan bilen Çalasyn hem üýtgemeli.

Labirinte sereden Ysyrgan burnuny galdyryp, ýygrypdyr we Çalasyna baş atypdyr. Ol bolsa ýerinden towsup, öňe düşüpdir, şeýdip iki syçanjyk labirintiň ugry bilen eýýäm başardygyndan çaltlyk bilen ylgap başlapdyrlar.

Syçanlar Täze Syryň gözleginde ylgamaga başlapdylar.

Giç öýlän A Syr Menziline Lellijek we Gowşajyk gelipdir. Olar gün-günden bolup geçýän ujypsyz üýtgetmelere hiç hili üns berip durmandyrlar we Menzilde syr hemişe bolar diýip hasaplapdyrlar.

Görýän zatlary olary şok we gamgyn hala salypdyr.

«Bu ne beýle? Syr ýokmy?» - diýip Lellijek çirkin gygyrypdyr. Ol yzly-yzyna «Syr ýokmy? Syr asla ýokmy?» diýip gygyrmaga başlapdyr. Hamala, näçe gaty gygyrsa, şonça syr çalt getiriläýjek ýaly.

«Kim meniň syrymy ogurlady?» - diýip ol sorag bermäge başlapdyr.

Ahyryn, ol ellerini bykynyna tutanda, onuň ýüzi gyzarmaga başlap, umytsyz ses çykaryp «Bu adalatly däl!» diýip gygyrypdyr.

Gowşajyk diňe umytsyz baş atypdyr. Ol hem syr Menzilden hiç ýere gitmez diýip pikir edipdi. Ol bu ýerde duýdansyzlyga daňlyp, örän köp durupdyr. Gowşajyk bolup geçýän zatlara asla taýýar däldi.

Lellijek bir zatlar gygyrýardy, ýöne Gowşajyk ony eşitmedi. Ol bolup geçýän zatlary kabul edenokdy, ýöne öz içine alyp otyrdy.

Adamjyklaryň özüni alyp barşyny paýhasly ýa-da netijeli diýip bolmaz, ýöne nätjek – olaryň hem ýagdaýyna düşünse boljak.

Syry tapmak aňsat bolmandy. Bu fakt olar üçin diňe bir Hudaýyň beren her güni üçin şol syry iýip ýörendiginden-de örän wajypdy.

Syry tapansoňlar, adamjyklar, göýä tükeniksiz bagt çeşmesine eýe bolan ýalydylar. Her biriniň öz arzuw hyýallary bilen syryň nämeleri berip biljekdigi barada öz düşünjesi bardy.

Käbirler üçin syr tapmak, diňe maddy bolçulyk bolýan bolsa, beýlekiler üçin, ol berk saglygyň ýa-da abadançylygyň ýakymly duýgusyny aňladýardy.

Gowşajyk üçin syr howpsuzlgy, geljekde Çedder köçesindäki rahat öýde söýgüli maşgalany we ömri aňladypdy.

Lellijek üçin bolsa syrly bolmak Uly Başlyk we Syr Dagyndaky kaşaň öýli bolmagy aňladypdy.

Syr olar üçin örän wajypdy. Adamjyklar indi näme etmelidigini kesgitlejek bolşup, az wagt sarp etmediler. Olaryň aklynda aýlanýan ýeke-täk zat «Näme etmeli?». Olaryň ahyryn gelen belli karary – A Syr Menzilini tutuş dörüp çykmak we syryň hakykatdan hem indi ýokdugyna göz ýetirmek boldy.

Ysyrgan we Çalasyn bireýýäm bu ýeri terk edipdiler. Lellijek we Gowşajyk welin şol bir duran ýerinde aýlandylar.

Olar sojap, şikaýat edip başladylar, eýsem bu bolýan zatlar adalatsyzdy ahyryn. Lellijek depressiýa düşüp başlady. Eger syr ertir bolmasa näme? Onuň bu syr bilen bagly örän uly meýilleri bardy ahyryn. Indi ol zatlar näme bolarka?

Adamjyklar oňa ynanyp bilenokdylar. Aslynda bu nädip boldy? Olara duýdurmadylar ahyryn. Bu nädogry, bu beýle bolmaly däl. Ähli zat başgaça bolup bilerdi ahyryn.

Lellijek we Gowşajyk şol gün agşam öýlerine aç we alasarmyk ýagdaýda dolandylar. Ýöne gaýtmazdan öň Gowşajyk diwara şu sözleri ýazdy.

Ertesi gün Lellijek we Gowşajyk öýlerinden A Syr Menziline tarap ylgap gaýtdylar we bir zatlar edip ýitirilen syry gözläp tapmaga bil bagladylar.

Hiç zat üýtgemändir, syr ýitdi. Adamjyklar gamgyn halda, şol ýere daňlan ýaly bolup ýöne durdylar.

Gowşajyk başardygyndan şeýle bir möňňürdi we gulaklaryny elleri bilen ýapdy. Ol bu zatlardan doly daşlaşmak isledi. Syryň gorunyň her gün egsilendigi ony asla gyzyklandyrmandy. Ähli zatlar syr bilen birden ýitirim bolan ýaly bolup göründi.

Lellijek çylşyrymly beýnisi we onuň içindäki gurnalan gymmatlyklar ulgamy doly güýjünde işleýänçä yzly-yzyna bolup geçenleri pikirinde aýlady. «Näme üçin olar bu zatlary hut meniň başymda gurnadylar, hä? Aslynda, nämeler bolup geçýär?» diýip ol akyl ýetirip bilmedi.

Ahyryn, Gowşajyk gözlerini açyp, aýňaldy, «Ýogsada, hany Ysyrgan bilen Çalasyn? Belki olar biziň bilmeýän zatlarymyzy bilýändir?» diýip dillendi.

Lellijek pyňkyryp: «Olar aslynda näme bilsin-aý? Olar syçan-a. Olar bolup geçýän zatlara ýönekeý seredýär. Samsyk jandarlar. Biz – adam. Biz olardan has akylly we hemme zatdan özümiz baş alyp çykarys» diýdi.

— Men biziň akyllydygymyzy bilýän. Ýöne biz özümizi asla gelşiksiz alyp barýarys. Görýäňmi, Lellijek ähli zat üýgtedi. Belki biz hem bu üýtgetmeleri kabul edip, ýene ýolumyzy dowam etdirmelidiris? — diýip Gowşajyk jogap berdi.

— Ol nähili biz hem üýtgemeli? Biz — adamjyklar. Aýratyn jandarlar. Bu zatlar biziň bilen bolup geçmeli däl. Şeýle bolanda-da biz mundan bähbit görmeli – diýip gazaplandy.

— O nähili bähbit — diýip, Gowşajyk gyzyklandy.

— Biziň doly hukugymyz bolan zada.

— Nämä bolan hukuk? — diýip Gowşajyk ýan bermedi.

— Syra bolan hukuk, elbetde.

— O näme sebäpden aýdýaň?

— Onuň sebäbi biziň meselämiz däl. Bu ýerde başga biriniň eli bolmaly, goý şol jogap bersin. — diýip Lellijek aýtdy.

— Diňle. Biz beýdip, bu bolan zatlar üçin gam çekip oturandan, Täze Syry tapmagyň ugruna çykanymyz gowumyka diýýän — diýip Gowşajyk aýtdy.

— Başga näme —diýip Lellijek sözüni dowam etdi — Men ähli zadyň anygyna ýeterin, kimiň günäkärdigini bilerin.

Lellijek bilen Gowşajyk indi näme etmelidigi barada belli bir karara gelýänçäler, Ysyrgan we Çalasyn bireýýäm ýoldadylar. Olar labirintiň iň çola ýerlerine ýetip, dar koridorlardan ylgap, ýol ugrunda syr bölejiklerini her bir Syr Menzilinlerinden tapypdylar. Olar bar gyzyklandyrýan zat hem – Täze Syryň gözlegidi.

Ýöne olara täze ýere – N Syr Menziline gelýänçäler ýolda hiç zat duşmady. Bu Menzile gelenlerinde syçanjyklar geň galmakdan ýaňa jürküldemäge başladylar: Menzil durşuna Täze Syrdan doludy. Olaryň öňünde syçanlaryň ömründe gören iň uly syr gory bardy.

Şol wagt Lellijek bilen Gowşajyk heniz hem A Syr Menzilinde otyrdy we bolan zatlary ara alyp maslahatlaşýardylar. Syr ýok – meseleler başlandy. Olar gaharlandylar, aňk-taňk bolşup, biri-birini bu bolan zatlar üçin ýazgardylar.

Gowşajyk hemişe syçanlar hakynda oýlandy. Ysyrgan bilen Çalasyn gözlän zadyny tapdymyka? Olara ýeňil düşen däldir, labirintiň içinde ylgamak örän kyn ahyryn. Bu gözlegler hemişelik dowam edip bilmez ahyryn, şeýle dälmi?

Soňlugy bilen Gowşajyk Ysyrgan bilen Çalasyny Täze Syryň äpet üýşmeginde oturyp, ýylgyrýan ýüz keşplerini göz öňüne getirdi. Labirinte tarap ugrap, terje tagamly Täze Syry tapmak nähili gowy zat. Ol edil onuň tagamynyda duýupdy.

Gowşajyk Täze Syryň täsin keşbini näçe göz öňüne getirdigiçe, ol şonçada A Syr Menzilini taşlap, gözüniň gören ýerine tarap gidesi gelip başlady.

— Ýör, gidelile! — ol birden dil ýardy.

— Ýok, bolmaz — diýip Lellijek hüňňürdedi. — Maňa şu ýeri hem gowy. Owadan hem ýerbe-ýer, men bu ýere bäş barmagym ýaly belet. Aňyrda labirintde welin – howply.

— Edil beýlä däl. Biz öň labirintde ylgaýardyk, ýadyňdan çykardyňmy? Ýene-de ylgarys-da.

— Bu oýunlar üçin men indi garrapdyryn — diýip Lellijek jogap berdi. — Men asla ol ýerde azaşyp ýöresim gelenok, çynymy aýdýan. Dogry dälmi eýsem?

Gowşajygy ýene-de gorky basdy, Täze Syry tapmak umydy ýene-de ýitdi.

Soňky günleriň ählisini adamjyklar şol bir görnüşde dowam etdiler. Olar A Syr Menziline geldiler we ol ýerden syr tapman, öýlerine ýany bilen diňe şübhe we gorky bilen dolandylar.

Olar bolup geçen zatlara üns bermezlige çalyşdylar, ýöne bu kynlyk bilen başardýardy. Uklamak, has kynlaşdy, gün-günden gurpdan gaçyp başladylar, gazap bolsa – has artdy.

Olaryň öýlerinden indi rahatlyk we bezeg gaçypdy. Adamjyklara uky gelenokdy, gysga düýşler bolsa gorkudan we elhençlikden doludy. Düýşünde hem olar gözläp, hiç syr tapyp bilmeýärdiler.

Ýöne Lellijek we Gowşajyk her gün A Syr Menziline gaýdyp gelmegi dowam etdirdiler. Şol ýerde hem ýöne garaşdylar.

Lellijek: «Biz diňe ýeterlik tagalla etmeli we şonda ähli zadyň gowy boljakdygy aýan bolar. Syr şu töwereklerde bolmaly. Belki edil şu diwaryň arkasynda bolmagyda ahmal».

Ertesi gün olar gurluşyk gurallaryny – çekiç we demirgalam getirdiler. Lellijek demirgalamy saklady, Gowşajyk bolsa oňa çekiç urup, Syr Menzilindäki diwary deşdiler. Ondan seredip gördüler – boşluk. Ol ýerde syr ýok ekeni.

Olar öz meselelerini çözmek umydy bilen gamgyn halda öýlerine dolandylar. Indiki gezek olar ir gelip, güýjüni gaýgyrman uzak işlediler we diwarda ullakan deşik etdiler.

Gowşajyk işjeňlik bilen netijeliligiň arasyndaky tapawudy aňyp başlady. «Belki, biz şu ýerde oturyp, indi näme boljagyna garaşmalydyrys — diýip Lellijek dillendi — Iru-giç syry yzyna getirerler».

Gowşajyk muňa şeýle ynanasy geldi. Şonuň üçin olar dynç almak üçin öýlerine dolandylar we her gün irden A Menziline göwünsizlik bilen daňyldylar. Ýöne syr şondada gelmedi.

Stresden we açlykdan ýaňa adamjyklar gowşadylar. Gowşajyk ýöne oturyp, özgerişlige garaşmakdan ýadady. Ol birden şu ýerde syrsyz näçe köp oturdygyça, şonçada ahyrynda onuň netijesiniň ýaramaz boljakdygyna düşündi.

Ýagdaýyň has ýaramaz boljakdygy görnüp duran zatdy.

Ahyryn, günleriň bir güni ol öz üstünden gülküsi tutup başlady: «Lellijek, bize seretsene. Biz hemişe şol bir zady edýäris we hiç zadyň üýtgemeýändigine geň galýarys. Bu zatlar şeýle samsyk we has gülkünç görünýär».

Gowşajygyň ýene-de labirintde ylgap ýöresi gelenokdy, ol ýerde azaşyp bilerdi welin, ýöne ol şu oturşyna Täze Syry nireden tapjagyna hem hiç akyl ýetirip bilenokdy.

Ýöne ol oturyp, öz gorkularynyň özüni nä güne salandygyna göz ýetirip, onuň üstünden gülüp başlady. Ol Lellijekden: «Hany biziň ylgaw köwşümiz?» diýip sorady. Ep-esli gözlemeli boldy, adamjyklar A Syr Menzilinde syry tapan gününden başlap ähli zatlaryny taşlapdylar. Şonda olara bu köwüşler hiç haçan gerek bolmajak ýalydy.

Lellijek Gowşajygyň köwşüni geýýänini görüp, sorady: «Sen näme labirinte tarap şaýlanýan ýalyla? Syry getirýänçäler garaşsak näme?»

«Sebäbi sen heniz hem düşüneňok — diýip Gowşajyk jogap berdi. — Men labirinte tarap gidesim gelenok, ýöne maňa – biziň syrymyzy indi yzyna getirmejekdiklerine gözüm ýetdi. Hiç haçan. Täze Syry gözlemäge wagt boldy».

Lellijek ylalaşmady: «Ertirden başlap syr asla bolmasa näme? Hatda nirelerde syr bolanda-da, biz ony ömür boýy tapmasak näme?»

«Bilmedim» — diýip Gowşajyk gysga jogap berdi. Ol şeýle soraglary köp berensoň, her gezek başlanýan gorky gözlegini dowam etmäge ýol bermeýärdi.

Ol özüne ýüzlenip: «Meniň syry tapmak umydym şu ýerde köpmi ýa-da labirintde?»

Gowşajyk labirinte ýylgyryp girişini göz öňüne getirdi. Bu keşp ony şeýle geň galdyrdy. Birden ol özüne gowy duýdy. Hawa, labirintde azaşyp bilerdi, ýöne içinde welin – Täze Syry tapmak ynamy we onuň bilen bagly gowy zatlara bolan duýgusy artdy. Gowşajyk bar gaýduwsyzlygyny bir ýere jemledi.

Şeýdip ol iň bir ynamdar we hakyky keşplerini janlandyrmak üçin hyýallarynyň jylawyny öz ugruna goýberdi. Ol Täze Syry tapyp, onuň jadyly tagamyndan lezzet alýan keşbini göz öňüne getirdi.

Ol hyýallaryndaky keşpde özüniň deşikli şweýsar syryny, mämişi çedderi we amerikan syryny, italýan mosarellasyny we nepis fransuz kamamberini... iýşini göz öňüne getirip lezzet aldy.

Soňra ol Lellijegiň sesini ýene-de eşidip, birden özüniň heniz hem A Syr Menzilindedigini aňdy.

Gowşajyk: «Lellijek, ömür käte şeýle bir özgerýär welin, ol hiç haçan öňküsi ýaly bolmaýar. Şol wagt hem gelip ýetdi. Ömür şeýle! Ol bir ýerde duranok – bize-de hereket etmägiň wagty geldi».

Gowşajyk öz şübheli dostuna seredip, ony ynandyrmaga çalyşdy, ýöne Lellijegiň gorkusy gazaba öwrülip, hiç bir zady eşidesi gelmedi.

Olar şeýle bir gülkünç görnüp başlady welin, Gowşajygyň bu zatlara hakykatdan hem gülkisi tutup ugrady.

Labirinte tarap ýönelip, ol özüni has janly saýdy. Indi, onuň öz üstünden gülmegi başarýan wagty, öňe hereket etmegiň wagty gelipdi.

Gowşajyk gülüp, gaty ses bilen: «Labirintiň döwri!» diýip gygyrdy. Lellijek onuň bolşuna hiç hili üns bermedi, hatda ýylgyrmady.

Gowşajyk kiçijik gaty daşy alyp, kellesine gelen örän wajyp pikirini diwarda ýazmaga başlady, belki Lellijek ony görende pikirini üýtgetmegi mümkin.

Adatda bolşy ýaly, sözleriň daşyna syryň suratyny çekip, dostuny ruhubelentlik we ýeňillik bilen hyjuwlandyrmaga çalyşdy. Bu ýazgy Täze Syryň gözleginde kömek eder diýip öz ýanyndan pikir öwürdi. Ýöne Lellijek bu zatlara asla üns hem bermedi, hatda ýüzüni hem öwürmedi.

Onda şeýle sözler bardy:

Gowşajyk güýjüni jemläp, labirinte sabyrsyzlyk bilen seretdi. Ol nädip syrsyz galdy, näme üçin bu zatlar bolup geçdi?

Belki, labirintde syr asla ýok bolsa, näme? Belki, bar bolanda-da tapmasa, näme? Ýöne hut şu gorkular hem ony ysgyndan gaçyryp, umydyny üzüpdi.

Gowşajyk ýylgyrdy. Lellijek hemişe kim onuň syryny alandygy barada pikirlenerdi. Ýöne Gowşajyk üçin esasy zat: «Men näme üçin Täze Syry öň gözlemäge başlamadym?»

Ol labirinte girip, gözi öwrenişen, indi syr ýok bolsada, dolanasy gelýän ýerlerine tarap yzyna garady.

Gowşajyk hakykatdan hem labirinte gidesi gelip ýola düşendigine şübhelenip oýa batdy. Ol diwarda täze setirleri ýazyp ep-esli wagt oňa seredip durdy:

Gowşajyk pikirlendi. Käte gorky peýdaly hem bolaýýar. Ýöne, käte welin hereketsiz oturanyň üçin öňküden-de beter boljak ýaly gorka batýaň. Şeýle gorkular hem seni özgermäge höweslendirýär. Ýöne hereket etmegi dowam etdirmäge päsgel berýän gorkynyň welin hiç hili gowulygy ýokdy.

Ol sagyna, labirintde heniz bolup görmedik tarapyna seredende, gorky basmarlady. Soňra, uludan dem alyp, labirinte tarap öwrüldi we haýallyk nämälimlige tarap ýöredi.

Ýol boýy Gowşajyk A Syr Menzilinde gaty köp wagt ýitirendigine üçin ynjalykdan gaçdy. Onuň köpden bäri syry bolmansoň, adamjyk gurpdan gaçypdy. Labirintde ylgamak, öňkülerden kyn düşýärdi.

Eger syr ýene-de ýitse, ol özüni çalt ele alyp, wagt ýitirmän özgermäge başlamaly diýen karara çürt kesik gelipdi. Şeýtmek has ýeňildi. Soňra Gowşajyk: «Hiçden, giç ýagşy» diýip özüne göwünlik berdi.

Soňky birnäçe günler Gowşajyk syryň kiçeňräk bölejiklerine käbir ýerlerde duşup başlady, ýöne olar diýseň ownujakdy. Ol Lellijek bilen paýlaşyp, oňa ilkinji ädimi etmäge kömek eder ýaly syry tapmaga bil baglapdy.

Emma, Gowşajyk heniz hem şübhelidi. Labirintde ähli zat diýseň bulaşyk we düşnüksizdi. Onuň bu ýerlerde bolan wagtlaryndan bäri köp zatlar özgeripdir.

Ýoluň göni bolup görünýän ýerinde, koridorlar azaşdyrýardy. Iki ädim yza, bir ädim öňe – hereketi şu terzde dowam etdirdi. Aňsat däl. Ýöne Gowşajyk – labirinte dolanyp, syr gözlemegiň başda pikir edişi ýaly hatarly däldigine göz ýetirdi.

Eslije wagtdan soňra ol Täze Syry tapmak pikiriniň näderejede hakykata golaýdygy barada oýa batdy. Öz öňünde asla bitirip bolmajak meseläni goýan bolsa, näme? Soňra ol, iýmäge zadynyň ýokdugyny düşünip, gülkisi tutdy – alada edere zat ýok.

Ruhdan düşende, Gowşajyk, bu zatlary nämäniň hatyrasyna edýändigini özüne ýatladyp durdy. Näme bolanda-da, ýöne syrsyz oturmak, has beter erbetdi. Biriniň rehimine garaşyp oturanyňdan, ykbalyňa özüň erk edeniň ýagşy.

Ysyrgan bilen Çalasyn öňe gitmegi başaran bolsa – ol hem başarar!

Gowşajyk geçmişi ýatlanda – A Syr Menzilindäki syryň bir pursatda ýitirim bolmandygyny aňdy. Syr kem-kemden kemelipdi, onuň galyndylary bolsa, has könedi. Tagamy hem öňküler ýaly däldi.

Köne Syrlaryň käbir ýerlerinde heň emele gelende bolsa, ol oňa üns bermändi. Üns beresi gelmändi – boýun almak gerek. Geljekki betbagtlygyň ähli alamatlary gözüniň öňünde dursada – ol bu zatlary görmezlige çalşypdy.

Gowşajyk syryň ýagdaýyna ünsli sereden bolsa, onuň ýitmeginiň duýdansyz bolmajakdygyna düşündi. Belki, Ysyrgan bilen Çalasyn hem edil şeýdip syn edendir.

Ol mundan beýläk berk ünsli bolmaly diýen karara geldi. Özgermelerden gorkman, olary yzarlamaly. Mundan beýläk ol öňde boljak özgerişleri görüp, oňa taýýar bolmak üçin öz instinktine ynanar.

Gowşajyk aýak çekip, labirintiň diwaryna şeýle ýazgylary ýazdy:

Birnäçe wagtlyk netijesiz gözleglerden soň Gowşajyk örän üýtgeşik, äpet Syr Menziliniň üstünden bardy. Ýöne welin ondan hiç hili syr tapmansoň ruhdan düşdi.

«Men şeýle duýgyny has ýygy başdan geçirýänle» — diýip Gowşajyk pikirlendi. Ol ähli zady taşlasy geldi. Hiç hili ysgyny galmandy. Ol anyk azaşypdy, diri galmak umydy bolsa daşa diräpdi.

Belkide, A Syr Menziline dolanmalydyr. Iň bolmanda ol ýerde Lellijek bardy, iki bolsaň ýekesiräňok.

Ýöne ol ýene özüne şeýle sorag berdi: «Eger gorkmadyk bolsaň näme ederdiň?»

Gowşajyk öz gorkylaryny bireýýäm ýeňendirin öýdýärdi, ýöne ol boýnuna alasy gelmese-de, öňküdende beter gorkýardy. Ýöne has beter gorkuzýan zadyň nämedigini hem aýtmak kyndy. Häzir welin Gowşajyk şeýle ysgyndan gaçanda ol ýeke galasy gelenokdy. Gorkular we şübheler heniz hem ony yzyna iterýärdi.

Eýsem, Lellijek labirinte tarap gaýtdymyka ýa-da heniz hem gorka gaplanyp şol ýerde otyrmyka? Soňra, Gowşajyk ozallar labirintde arkaýyn gezen, öňe giden wagtlaryny ýatlady.

Ol diwarda şu setirleri ýazmaga başlady, belki ýazanlary Lellijege onuň yzy bilen gaýdan bolsa gerek bolar:

Gowşajyk öňündäki garaňky koridora tarap seretdi. Nämeler gizlenýär? Ol ýerden nämeleri tapyp bolar?

Nähili gorkuly zatlar gabat geler? Ol bolup biljek iň bir elhenç ýagdaýlary, gorkunç zatlary göz öňüne getirip, bu hyýalyndaky zatlardan has beter gorkdy.

Birden ýylgyrdy-da, gorkularyň özüni öňküden-de beter edýändigini aňdy. Şonuň üçin ol bu gorkular bolmadyk ýaly gös-göni garaňky koridora tarap gadam basdy.

Garaňky koridordan ýöräp barşyna, Gowşajyk ýylgyrmaga başlady. Özüniň şeýle parahatlygy oňa ruhy goldaw berdi. Şeýdip ol labirintiň näbelli çuňluklarynda hem galanda-da, ýa-da başga zat bolaýanda hem şol bolup biljek zatlary boýnuna aldy.

Ýöne welin, ol her ädimden gitdigiçe özüni gowy duýýardy.

«Geň galaýmaly, men näme üçin özümi şeýle gowy duýýaryn — diýip Gowşajyk oýa batdy. — Men heniz syr tapamoga, iň bolmanda nirä barýanymy hem bilemoga».

Ýöne soň ol ähli zada düşündi. Şu ýazgylary ýazmak üçin hem sägindi:

Gowşajyk özüni şu wagta çenli saklan zadyň gorkudygyna düşünip başlady. Şeýdip, öňe hereket etdigiçe, gorky yzda galdy.

Indi ol, labirintdäki sowuk, ter şemalyň öwüsginini aç-açan syzyp ugrady. Gowşajyk uludan alan deminden soňra özüni sagdyn we gurply duýup başlady. Gorkular bir ýana taşlananda, ähli zatlar başdaky pikir edişinden hem gowy we täsin görünýän ekeni.

Gowşajyk özüni köpdän bäri şeýle ýeňil duýmandy. Hatda, soňky gezek şeýle arkaýyn bolanyny hem ýadyna salyp bilmedi.

Ol üstünligini aňyna guýmak üçin, hyýalynda täze keşpleri janlandyrmaga başlady. Ähli ownujak görnüşlerine çenli, ol çedderden başlap mymyjak bri ýaly gowy görýän syrlarynyň arasynda oturyşyny hyýalynda janlandyrdy. Ol islän syryny iýişini göz öňüne getirip, bu keşplerden ruhlandy. Syrlaryň her birinden lezzet almagyň nähili gowudyny aňynda aýlady.

Täze Syryň keşbi näçe aýdyň boldugyça, syr tapyp bolar diýen ynamy hasda berkedi. Şeýdip hyýala batan Gowşajyk diwarda şu ýazgyny ýazdy:

«Men muny näme üçin öň etmedimkäm», — diýip geň galdy.

Goşa güýç bilen ol labiritde ylgamaga başlady. Tiz wagtdan bolsa täze Syr Menzilini ýetdi we ol ýerden Täze Syryň uly bolmadyk böleklerini tapdy.

Şeýle syra öň duş gelmändi, ol şeýle bir ajaýypdy. Dürli bölejikleri gaýta-gaýta dapyp gördi — olaryň tagamlydygyny! Täze Syryň bölejikleriniň ählisini diýen ýaly iýip, iki bölejigini Lellijek bilen paýlaşmak üçin jübisine saldy. Işler ugruna bolup başlady.

Gowşajyk uly höwesden ýaňa Syr Menzilini aýlanyp çykdy. Ýöne, onuň boşdugyny görüp biraz gynandy. Bu ýerde eýýäm birä bolup giridipdir, olardan soň diňe ownujak bölejikleri galypdyr. Gowşajyk çalasyn bolan bolsa, bu ýere tizräk gelip tagamly Täze Syryň köp bölegini iýip biljekdigine düşündi.

Gowşajyk yzyna dolanyp, Lellijekden özi bilen gitmäge taýýardygyny soramaly diýen karara geldi.

Yzyna dolanmanka, ol diwarda şeýle ýazgylary goýdy:

Esli wagtdan Gowşajyk A Syr Menziline dolandy we Lellijegi tapdy. Ol oňa tapan Täze Syrynyň bölejiklerini hödürledi, emma ol ýüz öwürdi.

Lellijek dostluk goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, «Bu Täze Syr maňa ýarar öýdemok. Men onuň tagamyna asla öwrenişemok. Men öz syrymy yzyna alasym gelýär. Özüme gerek zadymy alýançam, ýerimdem gozganman».

Gowşajyk şeýdip diňe başyny ýaýkap, yzyna gözlege tarap gaýtmaly boldy. Bu garaňky koridorlarda dostuny küýsedi, emma Gowşajyga täze zady gözlemek diýseň ýarady. Täze Syryň bölejiklerini tapmanka hem ol özüni bagtly edýän zadyň nämedigini bilýärdi. Ol asla syr däldi.

Gorkusyzlyk, hiç hili gorkman öňe gitmek oňa diýseň ýarady.

Bu zatlara akyl ýetiren Gowşajyk bireýýäm syry gutaran A Syr Menzilinde galandakysy ýaly zada mätäç duýmady. Gorkunyň saklap bilmejekdigi we dogry ýoly saýlap alandygy baradaky diňe ýekeje pikiriniň özi oňa egsilmez güýç-kuwwat berdi.

Gowşajyk özüne gerek zady tapmak üçin diňe wagtyň gerekdigine düşündi. Hakykatda welin ol özüne gerek zady eýýäm tapypdy. Ähli zat birden aýdyň görnüp başlady.

Gowşajyk gorkup ýören zadynyň aslynda beýle bir gorkunç zat däldigine ýene bir gezek göz ýetirdi. Tutuş süňňiňe ornaşdyrýan gorkyň, seniň düşüp biljek islendik ýagdaýyňdan hem agyr ýagdaýa getirýär.

Ol Täze Syry tapyp bilmerin öýdüp, şeýle bir gorkansoň, ol gözlege-de başlamandy. Emma ol gözlege başlandan ýoluny dowam etdirmek üçin ýeterlik syry tapypdy. Täze bölejikleriň gözleginde öňe hereket etmek galýardy. Nämedir bir täze zady tapmak islegi hem ony has hyjuwlandyrdy.

Gorkylar we şübheler – şeýle ýönekeý zatlara düşünmäge päsgel beren zatlardy. Ol hemişe syr ýetmez ýa-da syr iru-giç ýitirim bolar diýip alada ederdi. Ähli pikirleri diňe erbet netijeler baradady.

Emma indi A Syr Menzili yzda galansoň ähli zat üýtgedi.

Birwagtlar ol syr ýitmez diýip ynanypdy. Ýöne bu pikiri nädogry bolupdy. Emma häzir isleseň-islemeseň özgerişlikleriň bolýandygyna düşündi. Özgerişlikler diňe sen oňa asla taýýar bolmasaň we olara garaşmasaň duýdansyz bolýar.

Pikirleriniň özgerişini aňýan Gowşajyk koridoryň diwaryna şu sözleri ýazdy:

Gowşajyk heniz hem Täze Syry tapmandy, emma ol labirintde ylgap ýörşine, bilip we düşünip ýetişen zatlary hakynda oýlandy.

Gowşajyk täze pikirleriň täze hereketlere getirýändigine göz ýetirdi. Ol özüni ozalkylar ýaly bireýýäm syry gutaran şol bir Menzile dolanyp gelen wagtyndakydan düýpgöter başgaça alyp barýardy.

Ol pikirler üýtgände, edýän hereketleriň hem üýtgeýändigine düşündi. Özgerişleriň nädogry we zyýanly bolup görünmegide ahmal. Şonda oňa garşylyk görkezilip başlanar. Emma welin, Täze Syryň gözlegi saňa başgaça bolmaga kömek edýändigine ynanmak gerek.

Ähli zat seniň ynanasyň gelýän zadyňa bagly. Gowşajyk diwarda şeýle sözleri galdyrdy:

Gowşajyk A Syr Menzilinden näçe ir gaýdan bolsa, özüni has gowy duýjakdygyna düşündi. Onuň bedeni we ruhy beýle tapdan düşmezdi. Ol Täze Syry has gowy gözlärdi. Belkide, ol özgerişliklere ilkibaşdan garaşan bolsa, ol yzyna gaýtaryp bolmajak zadyň ogurlygyna gazaplanyp oturandan, eýýäm başga syry tapardy.

Gowşajyk bar güýjüni jemläp, labirintiň içini öwrenmegi dowam etmek kararyna geldi. Oňa syryň kiçeňräk bölejiklerine kä ýerlerde duşmagy ynam we güýç berdi.

Labirintde şeýle uzak ýol geçendigine göz ýetiren Gowşajyk onuň diwarlarynda ýazgylary galdyrandygyna begendi. Eýsem olar Lellijege hem, eger ol A Syr Menzilini terk edende kömek etjekdi.

Gowşajyga indi barýan ýolunyň dogrudygyna bil baglaýmak galypdy. Lellijek indi şu ýazgylara seredip, ýoly taparmyka?

Gowşajyk diwarda birnäçe wagtlap aňynda aýlap ýören setirlerini ýazdy:

Indi Gowşajyk geçmişden daşlaşyp, geljege uýgunlaşýardy. Ol labirintde gözlegini dowam etdirip, özüni güýçli we çalasyn duýdy. Birnäçe wagtdan hem garaşan zadyna ahyryn ýetdi.

Labirintde eýýäm tutuş ömrüne sergezdanlyk edip ýören ýaly hala gelende, onuň syýahaty – ýa-da iň bolmanda, onuň belki-de bir bölegi – birden tamamlandy duruberdi.

Ol N Syr Menzilini tapdy. Menzile gelip düşensoň, ol haýran galmak bilen başyny ýaýkady. Gözüniň ýeten ýerinde ummasyz syr gorlary ýatyrdy. Şeýle köp syry ol ömründe hiç haçan görmändi. Onsoň hem syryň köp görnüşleri oňa asla tanyş hem däldi.

Duýdansyzlykdan ýaňa, bu zatlaryň çyndygyna we düýş däldigine akyl ýetirjek bolup alňasap ýörşine, ol köne dostlary – Ysyrgan bilen Çalasyna gözi düşdi.

Gowşajyga Ysyrgan baş atyp, Çalasyn bolsa elini bulap salam berdi. Olaryň gözerip duran kiçijik garynjyklary, syçanlaryň bu ýerde köpden bäri gezip ýörendigine şaýatlyk edýärdi.

Gowşajyk olar bilen salamlaşyp, eýýäm söýgüli syrynyň bölejiklerinden lezzet almaga başlady. Ol köwüşlerini, sport geýimini çykaryp, golaýrak ýerde goýdy, belki gerek bolar. Soňra ol Täze Syra tarap ýapyşdy. Doýýança iýip, syryň terje bölejigini elleri bilen ýokary galdyryp, batly seslendi: «Ýaşasyn özgerişlikler!»

Syra seredip, Gowşajyk şu wagta çenli öwrenen zatlary hakda oýlandy.

Özgerişliklerden gorky ony bir wagt ýiten Köne Syryň yşgyna daňmaga mejbur edendigi düşnükli boldy.

Ony özgermäge näme mejbur etdi? Bu aç galmazlyk gorkusymy? Nämede bolsa, şu gorky hem bir tarapdan kömek edipdi.

Ol ýylgyryp, öz eden ýalňyş ähli zatlarynyň üstünden gülmegi öwrenen pursatyndan özgerişlikleriň başlandygyny ýatlady. Ol özgermegiň ýönekeýje usulynyň – öz samsyklygynyň üstünden gülmekdigine düşündi. Şonda sen gorkulardan azat bolýarsyň we hereketi dowam etmäge başlaýarsyň.

Gowşajyk Ysyrgan bilen Çalasyndan köp zatlary öwrenendigine düşündi. Olar hiç bar zady kynlaşdyrmandy, peýdasyz boş ýaňramalara we pikir-oýlara wagtyny ýitirmändiler. Ýagdaý üýtgäp, syr ýitirim bolan wagty olaryň özleri hem özgerdi we Täze Syry gözlemek üçin ylgadylar. Bu sapagy ol ýatda saklar.

Şoňra Gowşajyk syçanlaryň başarmaýan zadyny, ýagny özüniň ajaýyp aklyny ulanyp başlady. Ol öňki eden ýalňyşlyklaryny pikirlendi, olardan geljek üçin netije çykardy. Ol bu zatlaryň özgerişliklerden baş alyp çykmaga mümkinçilik berýändigine düşündi.

· Ähli zadyň ýönekeýdigini ýatda sakla. Çalasyn bol we öňe hereket et.

· Öz durmuşyňy kynlaşdyrmagyň we özüňi tükeniksiz gorkulara daňmagyň hiç hili zerurlygy ýok.

· Kiçeňräk özgerişleri gördügiň, onuň yz ýany has ulularynyň geljegine hem taýýar bol.

· Çalt öwrenişjek bol, ýogsam öňdäki özgerişliklere asla taýýar bolmarsyň.

· Aslynda täze durmuş ýolundaky esasy böwet – bu seniň özüňsiň. Özüň özgermeseň, hiç bir zat üýtgemez.

· Belki, esasy sapak, Täze Syryň hemişe barlygyndadyr. Sen oňa ynan-ynanma, bu wajyp däl. Eger sen onuň gözlegine çyksaň, sen ony hökman taparsyň.

Elbetde, käbir gorkular zerur – olar hakyky howpdan gutulmaga kömek edýär. Emma onuň ähli gorkulary diýseň samsyklykdy we oňa zerur wagty özgermäge päsgel beripdi.

Ilkibaşda özgerişlikler oňa ýaramandy, ýöne soňra – özgermegiň täze syry tapmakdaky ýeke-täk çykalgadygy düşnükli boldy. Şeýdip ol özüni – öňkülerden hem has gowy ýagdaýda duýdy.

Gowşajyk öwrenen zatlaryny ýatlanda, dosty Lellijek barada oýa batdy. Lellijek onuň A Syr Menzilindäki diwarlara ýazan ýazgysyny okadymyka?

Lellijek Köne Syryň ýitgisini kabul edip, hereketi dowam etmelidigine düşündimikä? Ol durmuşyny gowulyga tarap özgertjek zady gözläp, labirinte girmek kararyna geldimikä?

Soňra Gowşajyk A Syr Menziline dolananyňa degermikä diýip oýlandy. Ýöne soň yzyny taparmyka? Lellijegi tapsa, ol oňa öz gorkularyndan nähili baş alyp çykandygyny aýdardy. Ýöne Gowşajyk öz dosty üçin elinden gelenini edenine düşündi.

Lellijek öz ýoluny tapmalydy we gorkyny böwsüp, içki tümlüginden çykmalydy. Bu zatlary hiç kim oňa derek edip biljek däldi, hiç kim ony yryp ýa-da ynandyryp biljek däldi. Oňa nähili hem bolsa, özgermegiň zerurlygyna düşünmek gerekdi.

Gowşajyk Lellijek üçin eger ol islese ulanar ýaly gowy ýoly galdyrandygyny bilýärdi.

Ol şeýdip oturşyna, özüniň ähli açyşlaryny jemläp, N Syr Menziliniň iň uly diwaryna birnäçe setirleri ýazyp, onuň daşyna syryň ullakan böleginiň suratyny çekdi we oňa gapdalyndan seredip göwnihoş ýylgyrdy:

Özgeriş gutulgysyzdyr

Syr şol bir duran ýerinde durmaz.

Özgerişlere taýýar bol

Syr islendik wagt ýitirim bolup biler

Özgerişleri görüp dur

Zaýalanyp başlandygyny biler ýaly ony köpräk ysga

Bolup geçenleri çalt kabul et

Köne Syrdan näçe çalt dynsaň, Täze Syra şonçada çalt ýetersiň

Özger

Syryň yzyndan git

Özgerişlerden lezzet al!

Syýahaty söý, Täze Syryň tagamyny duý!

Täze özgerişleri garşy almaga we olara begenmäge taýýar bol

Iru-giç syr hökman ýiter

Gowşajyk A Syr Menzilini terk edeni bäri gowy ýadandygyna we rahat ýerde ýene-de dynç alyp biljekdigine düşündi. Indi ol her gün N Syr Menzilindäki syrlaryň ýagdaýyny barlap durdy. Mundan beýläk özgerişlikler ony duýdansyz hala salmaz.

Gowşajygyň Täze Syry aňryýany bilen ýeterlikdi, ýöne ol barybir labirintde täze koridorlaryň gözleginde ylgady. Dynç alyp, öwrenen ähli zatlaryny ýatdan çykaranyňdan ähli mümkin bolan ýollary öňünden bileniň juga howpsyzdygyny bildi.

Birden Gowşajyk labirintde haýsydyr bir ses eşitdi. Ol golaýlaşýardy we şol tarapdan kimdir biriniň gelýäni mälim boldy.

Belki ol Lellijekdir? Birden ol eýýäm golaý öwrüme gelendir?

Gowşajyk mundan öň öz dostunyň barybir bar güýjüni jemläp şu ýere çenli gelmegini çyny bilen isläpdi...

Syryň yzyndan git, syýahatdan lezzet al!


Dr. Spencer Johnson


Report Page